GELDI KÄRIZE...

Начать новую тему   Ответить на тему

Предыдущая тема Следующая тема Перейти вниз

GELDI KÄRIZE...

Сообщение  Admin в Чт Май 11, 2017 3:30 pm

GELDI KÄRIZE...

Sen hakda söz açylsa,
Tohumyň ýere bakar.
Aga-iniň gözünden
Namys ýaşlary akar.

Pis kalbyňda arzuwlap,
Il-ýurdyňdan geçmegi,
Watan duzuny depdiň!
Sergezdan, ýel peşmegi.

Asla wepa bermediň,
Ne maşgala, ne ýurda.
Halk malyny gemirdiň,
Öwrülip gurçuk-gurda.

Keýp-haram pula gyzyp,
Hoş geçirdiň wagtyňy.
Namart! Küle çökerdiň
Üç geliniň bagtyny.

Panyda ýere sokduň
Merhum ataň adyny,
Diri ýetim on çagaň
Diňlemediň dadyny.

Ahyr ýaşda sataşdyň
Jahanda ýok şermendä,
Beýle şerraý duşmasyn
Hiç musulman, hiç bendä!

Şeýtana sapak beren,
Düzelerden geçipdir.
Ýedi däl – ýetmiş derýaň
Suwundan bol içipdir.

Ygtyýar öz elinde,
Edenini edip ýor.
Seni garran eşek deý
Öz yzyndan idip ýör.

El üzdüň ar-namysdan,
Ýitirdiň wyždan, ynsap.
Itde san bar – sende ýok,
Tüýs işigaýdan, ysnat...

Täze mesgen tutundyň –
Iblisiň hut törunde.
Seni dünýä inderen
Dik oturar görunde...

Diňe namart kişiler
Rysgyna haram gatar.
Gara şaýa satylyp,
Watana pitjiň atar.

Sen tetellä, bil – haýpdyr
Erkek lybas, türkmen at.
Zenan geýmini geý-de
Adyň çalyş, bigaýrat!

Ýurtdan gitdiň – taň etdiň,
Indi yzyň seretme!
Biribardanam dileg:
Geldi kimin melguny
Indi dünýä ýaratma!

Jepbar Halylow
avatar
Admin
Admin

Сообщения : 43
Дата регистрации : 2012-10-15

Посмотреть профиль http://chrono-tm.2x2forum.com

Вернуться к началу Перейти вниз

Предыдущая тема Следующая тема Вернуться к началу


 
Права доступа к этому форуму:
Вы можете отвечать на сообщения