«Betbagtlaryň» radiosy

Начать новую тему   Ответить на тему

Предыдущая тема Следующая тема Перейти вниз

«Betbagtlaryň» radiosy

Сообщение  Juma Esenow в Пн Апр 03, 2017 11:39 am

«Azatlyk» radiosynyň adyny radio «Betbagt» diýip üýtgetmeli wagty bireýýäm geldi öýdýän. Özlerini habarçy saýýan radionyň topary il arasynda «çatrykdaky daýza» diýilýän göçme manyly sözden hiç üýtgeşik ýeri ýok. «Azatlyk» radiosy dünýä ýüzünde myş-myşlaryň esasynda habara meňzeş makala taýynlanýan eke-täk guramamyka diýýän.

Radionyň efirinde goýberilýän habarlar obamyzdaky bazarda birnäçe hepdäniň dowamynda agyzdan-agza geçýän gep-gybatlardan tapawudy ýok. Hatda şol gybatlaryň esasy bölegi eýýäm radionyň efirinde habar hökmünde berildi.

Howwala bolmanam Pragada oturan adam Türkmenistanyň içindäki ýagdaýy nireden bilsin. Pragadaky oturan boşkelle bolsa, şol eşiden gybatynyň aňyrsyny soramasa, şol gybat Azatlyk radiosynyň efirine gönümel gider.

«Azatlygyň» habarçylary özüniň ýakyn garyndaşlary bilen sögüşip maşgaladan çykyp giden adamlara meňzeýär. Soňam öz kölegesinden gaty görüp, özüni günäkärlemän, gören ýerinde şol iliň gybatyny edip, özünden ünsi sowjak bolýan adamlar bar jemgyýetde. Şol adamlar özüne tüýs gelişäýjek käri tapypdyr öýdýän «Azatlyk» radiosynda.

Gynansagam diňe radiony diňläp «Azatlygyň» habarçylarynyň durmuşyny öwrenip bolanok. Ýöne olaryň durmuşy içgin öwrenilse, onda durmuşa çykyp bilmän ýören, maşgalasyndan gaçyp ýören, öýlenip bilmän ýören, ýa-da ärsiz we ş.m. adamlardygyna göz ýetirip bolsa gerek. Şeýle adamlar sagdyn jemgyýetiň arasyna, agzybir maşgala gurup girişip bilmän, şol ýalňyzlykda durmuşyny geçirýänlerden bolsa gerek. Soňam bolmanam özüňe «betbagt» diýmän, köpçülikde özüň barada bir zatlar toslap, bahaňy artdyrjak bolarsyň-da. Iň gyzykly ýerem şeýle «betbagtlar» «Azatlyk» radiosynyň goýnunda jemlense, onda bularyň öz-özlerini öwüp, bir-birine goltgy bermekden başga işem galanok.

Juma Esenow
Гость


Вернуться к началу Перейти вниз

Предыдущая тема Следующая тема Вернуться к началу


 
Права доступа к этому форуму:
Вы можете отвечать на сообщения