Wah, adyň Rahman...

Начать новую тему   Ответить на тему

Предыдущая тема Следующая тема Перейти вниз

Wah, adyň Rahman...

Сообщение  Sapar Çöliýew в Ср Янв 11, 2017 4:51 am

Kanadaly, ulalyp oňalmadyk Rahman Agaýewe bagyşlanýar.



Akyl gelýärmiş
Ak girse çekgä –
Bu degişli däl
Rahman-pekgä.

Diňleseň sözün,
Duranja däli.
Gün-günden aňy
Kemelýän ýaly.

Ýatladyp dur ol
Otsuz çakmagy –
Halk gören däldir
Beýle akmagy.

Özüne diýýär:
“Men – Rahman aga!”
Ýerlikli ondan
Bäş ýaşly çaga.

Heý, sendenem bir
Ýaşuly bormy?
Ikbaş kelläňde
Şygyrdyň barmy?

Günde, günaşa
Sammyrdap otyr –
Her söz astynda
Tonna galp ýatyr.

Sende hiç ýokmy
Utançdyr-haýa?
Wyzdanyň satdyň
Bir gara şaýa...

Bidöwlet, kelpez,
Gep-gybat – awy.
Garaz, nätjek-dä...
(Reňki hut “mawy”).

Haram keýp diýip
Watandan geçen,
Ýetmiş derýanyň
Suwundan içen.

Tutupdyr ony
Ene gözýaşy.
Ýalan sözlände
Çytanok gaşy.

Şemal şuwlaýar
Çalaran serde.
Ertiriň ýatla –
Bir aýak görde!

Ite gereksiz,
Ylhanat, azar.
Geljek garaňky –
Ýat ilde mazar.

Topragyň atmaz
Ogullaň eli,
Üstüňden ösmez
Watanyň ýeli...

Toba et! Dile
Alladan aman,
Panyda abraý,
Bakyda – iman!

Bäş gün ýalança
Hemmämiz myhman.
Ýeke zat ýakýar –
Wah! Adyň Rahman...

Sapar Çöliýew

Sapar Çöliýew
Гость


Вернуться к началу Перейти вниз

Предыдущая тема Следующая тема Вернуться к началу


 
Права доступа к этому форуму:
Вы можете отвечать на сообщения