IT ÜÝRER, KERWEN GEÇER

Предыдущая тема Следующая тема Перейти вниз

IT ÜÝRER, KERWEN GEÇER

Сообщение  Anti_Wäşi в Чт Июн 04, 2015 12:33 pm


Menzil-menzil ýollary sökýän kerwen, öz ýetmeli maksadyna tarap gidip barýar. Kerwen beýik maksatlara sary, has bagtly geljege bakan ynamly gadam urýar. Öz eýesine wepalydygyny subut etmek isleýän köpek bolsa, yzyny üzmän oňa üýrýär. Onuň wowhuldysyna, zenzelesine gulak gabartsaň-a, göýä ol üsti ýükli kerwene topularly görünýär. Möjek ysyny alanda, gorkujygyna sazak düýbüne siýýän bigaýrat ganjyk itiň halyna nebsiň agyrýar. Türkmen halkynyň döredijilikli zähmet bilen öz öňde goýan uly maksadyna tarap okgunly barýan zamanynda il bagtyna görübilmezlik edip, öz dogduk Watanyna, iline pitjiň atýan Wäşi Köşüliniň esassyz, boş, manysyz, mantyksyz ýaňramalary kerwene üýrýän boguk sesli, dişsiz, lagar düşen, alaçsyz köpegiň bolşuny ýadyňa salýar. Bu tetelli köpekler adatça, eýesine-de wepa bermeýär. Eger eýesi oňa ýal bermesini bes etse, onda ol özüne başga bir eýe gözleýär. Başga eýesine hyzmat edip başlanda bolsa, öňki eýesine hem üýrüp başlaýar. Beýle köpekleriň tutan awy hem bolmaýar. Eger olary çopan goşuna äkidip, bir sürä garawul, sakçy goýsaň, onda olar sürüni möjeklere şam eýleýär. Şeýle iti bolsa hiç bir çopan saklamaýar. Gahary gelende çopan ony ýeke güllä tabşyryp göýberýär.

Wäşi Köşüliniň «Guly edebiýatynyň bedew bady» atly makalasyny okap, onuň žurnalistikanyň haýsy žanryna degişlidigini, bu makalasynda nämäni tankyt etjek bolýandygyny, okyja nämeleri subut etmäge synanyşýandygyny, şol bir wagtyň özünde-de awtoryň haýsy maksada gulluk edýändigini bilmek çetin. Awtor bu makalasynda döwlet baştutanlarynyň ýazan eserlerini, türkmen ýazyjylarynyň soňky ýyllarda ýazan goşgularydyr poemalaryny, kitaplaryny seljermäge synanyşýar. Emma ol, eserleriň kämil ýa kämil däldigini seljerip, olary esasly tankyt etmäge derek, logikasyz sözler bilen olaryň awtorlarynyň üstünden kinaýaly gülmäge synanyşýar. Eger Wäşi Köşüliniň edebi žanrdaky esere seljerme bermek ukyby bar bolsa, onda bu ukyp onuň bu ýazan makalasynda aýdyň görnerdi. Bu makala bu awtoryň hat-da makala ýazmak ukybynyň hem ýokdugyny äşgär görkezýär.

Makala diýlen žanrda gozgalýan temany açyp görkezmek üçin anyk deliller, sözlemleriň logiki yzygiderliligi, ýerlikli söz düzümleri we sözler bolmaly. Emma Wäşi Köşüli welin «Mundan urdum gylyjy, arapda şaňlar ujy» diýilýänini edip, makalanyň başynda gozgalýan gürrüňi jemlemäge derek, «Dünýäde edebiýat boýunça berilýän iň uly baýrak bolan Nobel baýragyny Guly edebiýaty wekillerine bermek üçin hem wagt ýetdi» diýen ýaňsyly sözlemi orta atýar. Yz ýanyndan hem awtor «Emma bu baýragyň käte syýasy sebäpler esasynda, adalatsyzlyk edilip, berilmeli däl ýazyjy-şahyrlara berilýän halatlary bar diýip, günbatar metbugatynda ýazýarlar» diýip, Nobel baýragyny bermek baradaky komitetiň işine hem şübheli garaýar. Eger bu komitetiň işine şübheli garaýan bolsaň, onda adalatsyzlygyň höküm sürýändigini tekrarlaýan bolsaň, onda türkmen edebiýatynyň wekillerine şol baýragy bermek bilen bagly ýaňsyly pikiri orta atýan Wäşi Köşüliniň beýnisinde näsazlygyň, hassalygyň, bihuşlygyň peýda bolup başlandygyny görmek bolýar.

Şeýle hem bu awtoryň bu makalany ýazmak bilen kän zat diýjek bolýandygyny, şol bir wagtyň özünde-de hiç bir pikir aýdyp bilmeýändigini, onuň örklenen mal ýaly öz ýüpüniň daşynda heläk bolup, bir duran ýerinde pelesaň kakýandygyny görüp, nebsiň agranyny duýman galýarsyň .

Bütin bir halkyň edebiýatyna baha bermek üçin özüňiň hem edebiýat meýdanynda abraýyň, derejäň, agramyň bolmaly. Şeýle bolmadyk halatynda seniň özgelere baha bermekde moral hukugyň bolmaýar. Wäşi Köşüliniň makala diýip ýazýan zady it ýandakdan böken ýaly. Wäşi Köşüliniň makala diýip okyja hödürleýän zady iç geçme keseline ýolugyp, pohyny arassa adamlaryň üstüne püwdürmekden başga zat däl. Onuň bu makalasy awtoryň içindäki kitüwiň, närazylygyň, kalbynyň hapalygynyň, beýnisiniň çüýrükliginiň alamaty bolup ýaňlanýar.
Beýnisi ýuka awtor bu makalasyna «Guly edebiýatynyň bedew bady» diýip at goýmak bilen, özüniň žurnalist hökmünde sözbaşy goýmagy oňarmaýan emelsiz kişidigini görkezýär. Ýazjakmy «Mus-mus diýmän Mustapa diý!» Tankyt etjekmi, hakyky tankytçy hökmünde diýýän zatlaryňy edebi taýdan, žurnalistika taýdan, logiki taýdan esaslandyryp tankyt et. Ýogsam, eý, Wäşi Köşüli seniň zehin akabaňyň ýalpakdygy, telperdigi, dardygy, talant çeşmeleriniň suwunyň ajy hem şordygy mese-mälim görnüp dur. Seniň halyňy it görse nebsi agyrar. Çünki sen, kesekiniň ýalyny iýip, öz Watanyňa, öz iliňiň ýazyjy-şahyrlaryna şyltak atmak ýaly ýowuz kesele duçar bolupsyň.

Adatça, gowy adam, akylly adam öz dostlary, goňşy-golamy, keseki bir kişi gowy iş edende, oňa çyn ýürekden buýsanmagy başarýar. Allatagala-da kişi üstünligine çyn ýürekden begenýänlere, buýsanýanlara elmydama rysgal-bereket berýär, olaryň ýüzüne mübärek nuruny çaýýar. Eý, Wäşi Köşüli, sen bu gün bu nurdan nadyl galypsyň! Özgerýän, ösýän, gülşen Diýara öwrülýän Türkmenistanyň gül keşbini görmekden, zähmetkeş türkmen halkynyň çekýän netijeli zähmetiniň datly miwesiniň tagamyny duýmakdan, adamlaryň beýik adamkärçilik sypatlaryna hormat goýmakdan jyda düşen Wäşi Köşülüm, seniň düşen bu günki halyň ötüp barýan kerwene maksatsyz üýrýän alaçsyz, çäresiz, yzgytsyz, ýarak däl-de, zyr gorkak, namart köpegiň halyna çalym edýär. Şeýle köpekleriň ömür soňy bolsa, adatça, manysyz «uwwuldy» bilen paýawlaýar.

Anti_Wäşi
Гость


Вернуться к началу Перейти вниз

Предыдущая тема Следующая тема Вернуться к началу


 
Права доступа к этому форуму:
Вы не можете отвечать на сообщения