Orramsydan bolan haramhor ýazar Köşüli Wäşä jogabym

Предыдущая тема Следующая тема Перейти вниз

Orramsydan bolan haramhor ýazar Köşüli Wäşä jogabym

Сообщение  Watançy в Чт Май 14, 2015 4:46 am


Özüňe ynamyň bolmasa, hiç wagt eden işiň paşmaýar, manysyz lakam saýlap, tutyň aňyrsyndan özge adama dil ýetirmek - namartlygyň, gorkaklygyň aňry başydyr. Özgä aýyp ýükläp ýaşamak bolsa, elmydama özüne ynamy bolmadyk adamlaryň aýrylmaz hemrasyna öwrülýär. Olar elmydama öz iliniň, dost-ýarynyň, il-gününiň kemçiligini, ýetmezini agtaryp gezýärler hem-de şeýle ýagdaýa duş gelen halatlarynda elmydama şatlyk duýgularyna gark bolýarlar. Adamyň gybatyny etmek, döwlet hakynda, halk barasynda ýalan gybatlary ýaýradyp, şol gybatlar rowaç alan pursatynda, oňa begenmek ýaly duýgulara berlen adamlar hiç wagt halk tarapyndan ýalkanmaýar. Türkmenlerde şeýle adamlary öňler obadan çykaryp kowar ekenler. Il-günüň, dost-ýaryň, ata Watanyň üstünliklerine buýsanyp bilýän adam bolsa, öz üsütünligine hem buýsanyp bilýän adamdyr.
Watanyňa bolan, göbek ganyň daman topragyňa bolan ýigrenjiňi şeýle derejede beýan etmek gör, nähili peslik!
Türkmenistanda soňky ýyllarda ähli pudaklaryň, medeniýetiň ösdürilmegi bilen bagly örän uly işler edildi. Mekdepdir çagalar baglarynyň, okuw jaýlarydyr dürli maksatly binalaryň, zawod-fabrikleriň, magistral halkara demir ýollaryň  giden bir ulgamy gurlup ulanylmaga berildi. Şeýle ajaýyp we ummasyz işler soňky ýyllaryň dowamynda dünýäniň hiç bir döwletinde gurlan däl bolsa gerek. Döwlet başynda bolup, bu ýeňil däl ýüki gerdeninde götermegi zehini we tejribesi bolmadyk adam başarardymy? Elbetde, başarmazdy!  Ýazylan kitaplaryň adyny sanan bolýaň, sen Wäşi, emma şol kitaplaryň ýeke sahypasyny okadyňmy? Aklyň çatsa, olaryň mazmunyna jogap ber. Ýöne seniň ýaly dar gursagyň akly küti adamyň başarnygynyň muňa ýetmejegini aýdyň görünýär.
Döwletimizde uly tutumlary görüp-bilip, olar hakynda dymyp, hat-da şyltak atyp bilýän kişiniň kalbynyň näderejede zaýadygy hakynda oýlananyňy duýman galýarsyň. Aslynda şeýle adamlaryň häsiýeti diňe bir daş-töwerekden, jemgyýetden alnan täsirler esasynda döremän, eýsem olar bu kişä ata-babasynyň, tohum-tijiniň ganyndan geçýän bolmaly. Bu barada türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy:

Ýagşylardan hergiz çykmaz ýamanlyk,
Asly ýaman bolsa, çykmaz ýagşylyk,
Aslyga dartadyr ýüwrük çamanlyk,
Ýüwrükni çamanga satyjy bolma! —

diýmek bilen örän jaýdar belläpdir. Päli azan tilki kimin öz hinine bakyp uwlamagy özüne aýrylmaz hemra edinen Wäşi Köşüliniň asyl gelip çykyşynyň zandyýaman adamlardandygyny onuň türkmen halkyna bolan ýigrenjinden hem duýmak bolýar. Sebäbi ýagşy niýetli adamyň köňlünde asla kine bolmaýar. Ýaman, şereňňiz kişiniň bolsa, her gün uruşmasa-sögüşmese wagty geçmeýär. Bu haramhor ýazaryň Türkmenistanyň üstünliklerine bolan bahyllygyny meniň şu setirler bilen beýan edesim gelýär:

Orramsydan bolan haramhor ýazar,
Öz lebiz binýadyn ýykyp-ýumrar.

Aslynda öz ýurduny terk edip, öýke-kine bilen ýaşaýanlaryň ykbaly örän täsin bolýar. Olar öz ili bilen ruhy baglanyşygyny ýitirenlerinden soň, maddy taýdan näçe baýasalar-da, ruhy taýdan garyp düşýärler. Munuň näme üçin şeýle bolýandygyny bilýärmisiňiz? Olar halkdan arasy üzňe bolansoň, millet bilen gatnaşyklarynyň köki zerur bolan milli çeşmelerden kesilýär. Şahsyýetiň ösmegi üçin zerur bolan milli medeniýetiň, aňyýetiň çeşmelerinden jyda düşen şahsyýet bolsa, şol ýurtdan giden döwrüniň derejesinde göýdük bolup galýar. Bu bolsa, ondaky bar bolan milli buýsanjyň, milli häsiýetiň, milli edim-gylymlaryň kem-kemden ýitip gitmegine getirýär. Onsoň şeýle adamlara pikir-duýgulary özlerine ejir berýär, eger-de şeýle adamyň zandy halal bolmasa, onda ony Watanyna şyltak atmak pygly gaplap alýar.
Biziň galamdaşlarymyzyň arasynda öz halkyňa şyltak atsaň, sögseň, onuň üstünliklerini tankytlasaň pul eçilýän habar beriş serişdeleriniň hyzmatynda duranlar hem bardygyna gynanýan. Men munuň sebäbi barada örän kän oýlandym. Şonda onuň öňki döwürde ýakyn agalarynyň biriniň döwletiň uly wezipesinde işländigini, ýöne işden pyzylandan soň bolsa, tä ömrüniň ahyryna çenli hökümede, dost-ýarlaryna, hat-da eziz çagalaryna-da gargynyp ýaşandygyny biygtyýar ýatladym. Şondan soň, şol galamdaşymyň ganyndaky gizlin häsiýetleriniň tohum yzarlaýandygyna göz ýetirdim. Bu galamdaşymyň hem magşar güni hem pälinden gaýdyp, toba kylyp dogry ýola düşmejekdigine ynandym. Şonuň üçin hem oňa niýetiň-päliň elmydama özüňe ýoldaş bolsun diýesim gelýär.
Mähriban Watanymyz Türkmenistan dünýäni haýran galdyryp ösýär. Onuň ösüşlerine biz ýürekden begenýäris we buýsanýarys. Watanyň ykbaly biziň hem ykbalymyz. Şonuň üçin hem goý, Wäşi Köşüli ýaly şereňňizler elmydama bogazyna bat berip gygyrybersinler. Watanymyz bolsa, şol şereňňizleriň şyltaklaryna pitiwa etmän, öz ak ýoly bilen ýagty geljeklere tarap rowan bolar.

Watançy
Гость


Вернуться к началу Перейти вниз

Предыдущая тема Следующая тема Вернуться к началу


 
Права доступа к этому форуму:
Вы не можете отвечать на сообщения